2024-nji ýylda dünýäniň ýurtlarynyň 50-den gowragynda Prezident we Parlament saýlawlary geçer, ol ýurtlara dünýäniň Jemi içerki önüminiň 54 göterimi degişli bolup, planetadaky her ikinji adam ýaşaýar diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.
Iň köpsanly saýlawlar Hindistanda geçer, 2022-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, bu ýurtda saýlawçylaryň 945 milliony ýaşaýar. Hindistanyň JIÖ-si 2022-nji ýylyň jemleri boýunça 3,4 trillion dollary düzdi.
Ykdysady taýdan hem, demografiki babatda-da iň kiçi saýlawlar Tuwalu ada-döwletde geçer, 2022-nji ýylda ol ýerde 11 müň adam ýaşaýardy, JIÖ bolsa, 59 million dollara deň boldy.
Saýlawlar şeýle hem BRIKS guramasynyň agzalary bolan Russiýada, GAR-da we Eýranda bolar. Jemi alnanda, olarda 293 million adam ýaşaýar, 3,1 trln dollarlyk haryt öndürilýär (dünýäniň JIÖ-niň 3 göterimi).
Tomusda Ýewropa Parlamentinde hem saýlawlar geçer. Şeýle-de Prezident ýa-da Parlament saýlawlary Awstriýada, Belgiýada, Litwada, Slowakiýada, Portugaliýada, Rumyniýada, Horwatiýada we Finlýandiýada geçer.
Dünýäniň iri ykdysadyýetli döwletlerinde hem saýlawlar bolar. Olaryň hatarynda ABŞ, Günorta Koreýa, Meksika we Indoneziýa bar.