Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi

14:1501.01.2024
0
25897

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 29-njy dekabrda tamamlanan möwsüminde jemi 21 futbolçy 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalandy. Olaryň hatarynda «Arkadag» toparynyň 5, «Nebitçiniň» 4, «Ahalyň» 3, «Köpetdagyň», «Aşgabadyň», «Altyn asyryň» we «Şagadamyň» her haýsynyň 2, «Merwiň» bolsa 1 futbolçysy bar. Tamamlanan möwsümde «Energetik» futbol toparynyň haýryna bir gezek hem 11 metrlik jerime urgusy bellenilmedi.

Möwsümiň jerimeçileriniň başyny «Arkadag» futbol toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew çekýär. Ol çempionatyň geçen möwsümindäki 27 golunyň 7-sini jerime urgularyndan geçirdi. Bu sanawyň ikinji ornunda 5 sany dürs jerime bilen Myrat Annaýew («Altyn asyr»), üçünji ornunda bolsa 4 sany dürs ugry bilen Söhbet Allanurow («Aşgabat»), Elman Tagaýew («Ahal») bar.

Şeýle hem möwsümde «Arkadag» toparyndan Begmyrat Baýow 3, «Nebitçiden» Daýanç Orazgulyýew, Akmämmet Metdäýew we Magtymberdi Berenow, «Arkadag» toparyndan Arslanmyrat Amanow 2 gezek 11 metrlik jerime urgularyndan dürs peýdalanan oýunçylar boldular.

Şeýle başarnygy bir gezek görkezenleriň sanawynda bolsa «Köpetdagdan» Şiri Annaýew, Öwezbaý Muhammetmyradow, «Nebitçiden» Arslangylyç Nazgylyjow, «Aşgabatdan» Şatlyk Gurbanow, «Merwden» Myrat Ýagşyýew, «Arkadag» toparyndan Altymyrat Annadurdyýew bilen Begenç Akmämmedow, «Şagadamdan» Pirmyrat Sultanow bilen Mekan Aşyrow, «Ahaldan» Gurban Annaýew bilen Şöhrat Söýünow, «Altyn asyrdan» bolsa Ahmet Ataýew bar.

21 futbolçy bilelikde 11 metrlik jerime urgusyndan 43 gol geçirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň