Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentine daşary ýurtly kärdeşlerinden Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar

17:4530.12.2023
0
34114

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze 2024-nji ýyl bilen baglanyşykly daşary ýurt döwletleriniň baştutanlaryndan gutlag hatlaryny aldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Hususan-da, türkmen döwletiniň baştutanyny Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida maşgalasy bilen, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok ÝOL maşgalasy bilen we beýlekiler gutladylar.

Daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary öz hatlarynda geçen ýylda Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berdiler we mundan beýläk-de pugtalanjakdyklaryna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň