Soňky habarlar

Arhiw

«Transfermarkt» türkmen futbolçylarynyň bahasyny täzeledi

11:2029.12.2023
0
37010

Germaniýanyň «Transfermarkt» portaly futbolçylaryň ýylyň ahyryndaky transfer bahalarynyň reýtingini yglan etdi. Portala görä, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 2023-nji ýyldaky düzüminiň bahasy 3,30 million ýewro ýetdi.

Milli ýygyndynyň we Gonkongyň «Kitçisiniň» ýarym goragçysy Ruslan Mingazow häzirki wagtda türkmen ýygyndysynyň iň gymmat bahaly futbolçysydyr. 32 ýaşly futbolçynyň transfer bahasy 550 müň ýewro ýetýär.

Ikinji orunda Gyrgyzystanyň «Abdyş-Atasy» bilen AFK-nyň kubogynda nobatdaky tapgyra çykan 23 ýaşly Teýmur Çaryýew bar. «Transfermarkt» oňa 250 müň ýewro baha kesýär.

Üçünji orny bolsa şu ýyl «Arkadag» topary bilen goşa Kubok gazanan Arslanmyrat Amanow eýeleýär. 33 ýaşly futbolçynyň transfer bahasy 200 müň ýewro ýetýär.

Ýeri gelende aýtsak, täzelenen sanawda dünýäniň iň gymmat futbolçylary «Realyň» 20 ýaşly ýarym goragçysy Jud Billingem, «Mançester Sitiniň» 23 ýaşly hüjümçisi Erling Haland we PSŽ-niň 25 ýaşly hüjümçisi Kilian Mbappe boldy. «Transfermarkt» üç futbolça-da 180 million ýewro baha kesýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň