Turkmenportal logo
29.12.23
3401334013
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AÇL ― 2023/24: «Ahaldan» ýeňlen topar Ronaldunyň garşydaşy boldy

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda «Ahaldan» utulan «Al-Feýha» (Saud Arabystany) 1/8 finalda Kriştianu Ronaldunyň we onuň topardaşlarynyň garşydaşy boldy. Ýaryşyň indiki tapgyrynyň bijeleri AFK-nyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda çekildi.


«Ahalyň» başga bir topardaşy ― BAE-niň «Al-Aýn» topary bolsa ýene-de özbek topary bilen duşuşdy. Toparçalaýyn tapgyrda «Pahtakory» ýaryşdan çykaran «Al-Aýn» bu gezek «Nasafyň» garşydaşy boldy.


Ýaryşyň indiki tapgyryna Saud Arabystanyndan dört, Koreýa Respublikasy bilen Ýaponiýadan üç, Özbegistandan iki, BAE, Eýran we Hytaýdan bir topar gatnaşar.


Umuman, bije çekişligiň netijeleri aşakdaky ýaly:


Günbatar sebit


«Nasaf» (Özbegistan) ― «Al-Aýn» (BAE)


«Al-Feýha» (Saud Arabystany) ― «Al-Nassr» (Saud Arabystany)


Sepahan (Eýran) ― «Al-Hilal» (Saud Arabystany)


«Nawbahor» (Özbegistan) ― «Al-Ittihad» (Saud Arabystany).



Gündogar sebit


«Çonbuk Motors» (Koreýa Respublikasy) ― «Phohon Stilers» (Koreýa Respublikasy)


«Ulsan» (Koreýa Respublikasy) ― «Wentforet Kofu» (Ýaponiýa)


«Şandun Taýşan» (Hytaý) ― «Kawasaki Frontale» (Ýaponiýa)


«Bagkok Ýunaýted» (Taýland) ― «Ýokogama F.» (Ýaponiýa).


AÇL-niň 1/8 finalynyň birinji duşuşyklary 12-13-nji fewralda, jogap duşuşyklary bolsa 19-20-nji fewralda oýnalar.