Turkmenportal logo
27.12.23
3228132281
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýada, Çehiýada we Niderlandlarda ýagyş guýýar
Germaniýada, Çehiýada we Niderlandlarda ýagyş guýýarSurat: admnvrsk.ru

Güýçli çabgalar netijesinde Germaniýada birnäçe derýanyň suwy kenardan agyp, ilatly ýerleriň köpüsini göçürmeli boldy. Bu barada «Euronews.com» habar berdi.


Ýurduň Týuringii we Aşaky Saksoniýa sebitlerinde ýaşaýjylar çabga guýýandygy üçin Roždestwoda öýlerini terk etmeli boldular.


Adaty bolmadyk ýagynlar netijesinde elektrik geçirijileri we lagym ulgamlary bozuldy.


Goňşy Çehiýada hem çakdanaşa çygly howa, käbir etraplarda ýokary işjeňlik düzgüni saklanýar. Ýerli häkimiýetleriň baha bermegine görä, bu ýagynlardyr buzuň eremegi bilen bagly. Pragada paromlaryň işi saklandy.


Niderlandlarda-da suwuň derejesiniň ýokarlanmagyny gözegçilikde saklaýarlar. Ýagyşdyr çabganyň üznüksiz ýagmagy sebäpli, kenaryndan agjak bolýan derýalaryň ýakalaryndaky etraplara aýratyn gözegçilik dowam edýär.