Turkmenportal logo
26.12.23
2050320503
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Madridiň merkezinde müňlerçe Aýazbabalaryň ylgawy geçdi
Surat: dixinews.kz

Ispaniýada Santa-Klauslaryň ylgawy geçdi, Madridiň ýaşaýjylarydyr myhmanlary bu iri haýyr-sahawat çäresine gatnaşdy diýip, «MIR 24» habar berýär.


Ýöriş şäheriň taryhy merkezinde guraldy, onuň uzynlygy 4,5 kilometr boldy. Badalga tutuş maşgalasy bilen gelenlerem kändi, öz eýeleri bilen hatda öý haýwanlary-da ylgadylar.


12-nji gezek guralýan Roždestwo ylgawyndan alnan pullar Ispaniýanyň Gyzyl Haç guramasyna geçiriler.