Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Ýälda baýramçylygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

20:1522.12.2023
0
38361

Aşgabat şäherindäki Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Ýälda baýramçylygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu çärede baýramçylygyň nyşanlary bolan önümler bilen ýörite saçak bezeldi.

21-nji dekabrda Eýranyň Medeniýet merkezinde geçirilen dabaraly çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahani, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuli, Ilçihananyň işgärleri, Türkmenistandaky eýranlylar we türkmenler gatnaşdylar. Dabaranyň başynda ilçi Ali Mojtaba Ruzbahani hemmeleri baýramçylyk bilen gutlap, Ýälda sözüniň manysyny taryhy we medeni çäre hökmünde düşündirip şeýle diýdi:

— «Ýälda» sözi «täzeden dogulyş» we «doglan gün» manyny aňladýar. Olaryň hem esasy sebäbi Günüň dogmagydyr. Ýälda diýilende, eýranlylar Ýälda gijesinden soň, Günüň dogmagy bilen günleriň has uzyn boljakdygyna we ylahy ýagtylygyň artjakdygyna ynanýarlar.

Eýranyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli öz çykyşynda hemmeleri ýylyň iň uzak gijesi bilen gutlady.

Ýälda baýramçylygyna bagyşlanan dabaraly çärede, pars dili öwrenijileri tarapyndan Ýälda hakynda goşgular okalyp, gülküli sahna ýerine ýetirildi. Çärede çykyş edenlere ýadygärlik sowgatlar gowşurylyp, ähli myhmanlara, dabara gatnaşanlara Ýälda baýramçylygyna degişli hödür-kerem edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň