Turkmenportal logo
22.12.23
5126851268
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň zynjyry täze tagamly bäş sany tort görnüşini döretdi

Meşhur «Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň zynjyry täze tagamly bäş sany tort görnüşleri bilen müşderilerini begendirdi. Hödürlenýän tortlaryň hataryna aşakdaky täze süýjülikler goşuldy:


• Makowyý-limonly tort – mak ösümliginden ýumşak biskwitiň, süýji limonly kremiň we kitirdewik gabygyň utgaşmasy.


• Gyzyl mahmal torty – mahmal örtügi bolan nusgawy şokoladly tort.


• Peýnir kremli bally tort – ýumşak peýnir kremli hoşboý ysly bally biskwit.


• «Ferrero» – karamelli şerbet, nugaly we hozly krem bilen tagamlandyrylan şokoladly biskwit.


• Ýertudana torty – ýeňil we serginlediji miwe süýjüligi.



«Zytat Hiliň» tortlary, konditer önümleri, kökeleri, gündogar süýjülikleri we beýleki önümleri çaý içişlikler üçin ajaýyp saýlaw ýa-da islendik baýramçylyk üçin özboluşly sowgat bolar.


Hususy önümçiliginiň netijesinde «Zytat Hil» müşderilerine konditer önümleriniň elýeterli bahalardan ýokary hilini kepillendirýär.



«Biz sizi «Zytat Hile» çagyrýarys we süýjüliklerimiziň gaýtalanmajak tagamy hem-de özüne çekiji görnüşi bilen sizi haýran galdyrjakdygyna söz berýäris!» diýip, dükanyň wekili belledi.


Mundan başga-da, 31-nji dekabra çenli käbir önümlere: «Pyşbaga» (Çerepaha) tortuna we waflilere 25% arzanladyşyň, şeýle hem bulgurjyklardaky traýfl süýjüligine 20% arzanladyşyň hereket edýändigini ýatladýarys.


Sargytlar 150 manatdan geçen ýagdaýynda şäheriçi eltip berme hyzmaty mugt amala aşyrylýar.



«Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň salgylary:


  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» SM, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy,3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 we (+993 62) 02 13 63.

Şeýle-de okaň: