Turkmenportal logo
22.12.23
2680526805
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2023-nji ýylyň iň meşhur howa gatnaw ugry agzaldy
Surat: ru.freepik.com

Tamamlanyp barýan ýylda dünýäde iň meşhur awiauçuş ugry Singapur bilen Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur arasyndaky gatnaw boldy. Bu barada «MIR 24» ýazýar.


Şunda iki tarapa uçarlarda elýeterli bolan orunlaryň sany 4,9 milliona ýetdi, bu 2022-nji ýyldakydan 1,5 esse köpdür. Iki şäheriň arasynda uçuş wagty takmynan bir sagat dowam edýär.


Ikinji orunda «Kair – Jidda», üçünji orunda – «Gonkong –Taýbeý» ugurlary ýerleşdi. Bilermenler şeýle-de «Seul – Osaka» we «Seul – Tokio» gatnawlarynda uçarlarda orunlaryň sanynyň artandygyny habar berdiler.