Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylar

15:5120.12.2023
0
39030

«Türkmen Logistika» Assosiasiýasy hem-de Latwiýanyň Ýük ekspeditorlary we logistika milli assosiasiýasy(LAFF) tarapyndan iki ýurduň ulag pudagynyň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk guraldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Ýewropadan harytlary ygtybarly daşamak üçin anyk meseleleri teklip etdi.

Latwiýanyň kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky üstaşyr nokady hökmündäki mümkinçilikleriniň giňligine ünsi çekdiler we türkmen daşaýjylary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşykda Türkmenistanyň adyndan «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň hem-de «Türkmen Logistika» Assosiasiýasyna agza kompaniýalaryň wekilleri çykyş etdiler. Latwiýa bolsa «ACE Logistic Latvia», «BV GRUPA», «Vervo» we «MELON» ýaly kompaniýalaryň ýokary wezipeli işgärleri wekilçilik etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň