Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

07:5017.12.2023
0
28054

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Onuň Alyjenaby Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berdi.

Hatda bellenilişi ýaly, Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah köp ýyllaryň dowamynda dürli wezipelerde işlemek bilen, Kuweýt Döwletiniň ösmegine uly goşant goşdy.

«Goý, Gudraty güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk hem-de sabyrlylyk bersin» diýip, Gahryman Arkadag dileg etdi we merhumyň maşgala agzalaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Kuweýt Döwletiniň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň