Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Internetde Täze ýyl arçasyny bezemegi öwredýän wideo ýerleşdirildi

12:0816.12.2023
0
28326
Internetde Täze ýyl arçasyny bezemegi öwredýän wideo ýerleşdirildi
Surat: pibig.info

Çagalaryň we ulularyň iň söýgüli pişesi bolan Täze ýyl däpleriniň biri, ýagny arçanyň şahalaryndan nädip bezeg çyrasyny asmalydygyny öwredýän wideo internetde goýuldy we olary hemmeleri haýran galdyrdy. Bu barada «Mail.ru» ýazýar.

Ony Angliýanyň Günbatar Ýorkşir diýen ýerindäki Bredford şäherinden bolan Kler Huper ýerleşdirdi.

Huper wideoda çyralary arçada terslin-oňlyn ýerleşdirmegi maslahat berýär. Bezegçi ilki çyralary arçanyň dik depesinde ýerleşdirip, soňra ony iň aşaga çenli uzaltmagy, soňra ýene yza — arçanyň başyna çekmegi maslahat berýär, şeýle usulda soňra çepe-saga, saga-çepe dowam edibermeli. Mahlasy, tä çyrajykly ýüp gutarýança dowam etmeli.

Şeýle usul internetden peýdalanyjylary haýran galdyrdy, olar bu usul barada öň bilmeýändiklerine gynanýandyklaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň