Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen kibersportçylary PUBG Mobile, eFootball 24 hem-de Tekken 7 boýunça çempionlyk üçin bäsleşerler

11:5415.12.2023
1
48913

Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy (TMESF) her ýylda geçirilýän «Federasiýa kubogy» ýaryşyna täze üýtgeşmeleriň girizilendigini habar berdi. Geljek ýyl bu ýaryşa ýene-de üç ugur goşular: PUBG Mobile, eFootball 24 we Tekken 7.

Ýaryşa gatnaşmak üçin hasaba alnyş eýýäm federasiýanyň saýtynda açyldy.

Federasiýanyň prezidenti Mekan Eýeberdiýew oýunçylaryň we toparlaryň ýaryşa taýýarlyk görmek üçin ýeterlik wagt tapmagyny nazarda tutup, federasiýanyň ýaryşyň dört aý öňünden hasaba alynmagy ýola goýmak kararyna gelendigini aýtdy.

Federasiýanyň Baş sekretary Nazar Ödemyradow TMESF-niň PUBG Mobile oýnuny işläp düzüjiler bolan «Tencent Games» kompaniýasy bilen geçiren gepleşikleriniň ýeňil bolmandygyny, ýöne ahyrky netijede Türkmenistan boýunça PUBG Mobile oýnunyň oýnalyşy barada ygtybarly statistik maglumatlary alyp bolandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, PUBG Mobile ýurtda iň meşhur oýunlaryň biri bolup, onuň Federasiýanyň kubogyna goşulmagy Türkmenistanyň halkara elektron sport giňişliginde abraýyny ýokarlandyrar.

2024-nji ýylda geçiriljek ýaryşyň baýrak gaznasy 36 müň manat bolar. Bu baýrak aşakdaky görnüşde paýlanar: Dota 2 — 10 000 manat, Counter Strike 2 — 10 000 manat, PUBG Mobile — 10,000 manat, eFootbol — 3000 manat, Tekken 7 — 3000 manat.

Her oýnuň ýeňijisiniň Halkara Kibersport Federasiýasynyň (IESF) howandarlygynda «World Esports Championship» çempionatynyň oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanjakdygyny bellemek gerek.

«World Esports Championship» çempionaty 2024-nji ýylda Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýadda geçiriler.

Şeýlelikde, indiki ýyl «Federasiýanyň kubogy» türkmenistanly kibersportçylar üçin has hem uly we gyzykly bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň