«Samsung» smartfonlarynyň täze tapgyryny «AI Phone» diýip täzeçe atlandyrmagy mümkin

11:4615.12.2023
0
29233

Internet saýtlarynda habar berilmegine görä, «Samsung» kompaniýalar topary 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda hödürlenjek indiki smartfon tapgyrlarynyň adyny üýtgedip biler. Kompaniýa «smartfon» sözüniň ýerine «AI phone» ýa-da «Emeli aňly telefon» adalgalaryny ulanmagy meýilleşdirýär diýip, RuNews24.ru saýty habar berýär.

Täze «Galaxy S24» tapgyry nerw aragatnaşyk we emeli aň bilen baglanyşykly köpsanly aýratynlyklar bilen üpjün ediler. Internet çeşmeleri bu enjamlardaky AI tehnologiýasynyň işleýiş derejesiniň şeýle ýokarydygyny, ony indi «smartfon» diýip atlandyrmagyň bärden gaýdýandygy baradaky pikiri öňe sürýärler.

«Samsung» täze adyň emeli aň boýunça kompaniýanyň öňdebaryjy orunda durýandygyny görkezjekdigine we bäsdeşlerinden görnetin tapawutlanmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirýär.

Deslapky maglumatlara görä, täze «Samsung Galaxy S24» tapgyrynyň bahasy, takmynan, ozalkylar ýaly bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň