Turkmenportal logo
14.12.23
3495034950
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: «Aşgabady» ýeňen «Nebitçi» «Ahal» bilen aralygy 5 utuga çykardy

Şu gün 25-nji tapgyryň çäklerinde Balkanabat şäherinde geçirilen alty golly duşuşykda ýerli «Nebitçi» paýtagtyň «Aşgabat» toparyny 4:2 hasabynda ýeňip, bürünç medal ugrundaky göreşde nobatdaky üstünligini gazandy.


«Janköýeriň» habar berşi ýaly, duşuşykda ýer eýeleriniň gollaryny 23-nji minutda Magtymberdi Berenow (11 m.j.u.), 49-njy minutda Gurbangeldi Batyrow, 51-nji minutda Akmämmet Metdäýew we 80-nji minutda Serdar Tukyýew geçirdi. «Aşgabat» bolsa bu gollara 70-nji minutda Nepesmyrat Lallakowyň we 90-njy minutda Hojanazar Gurbanowyň tapawutlanmagynda jogap berip bildi.


Şeýlelikde, 22 duşuşykda 37 utuk toplap bilen «Nebitçi» dördünji orundaky «Ahal» bilen aralygy 5 utuga çykardy. 30 utukda galan «Aşgabat» bolsa eýeleýän ornuny ― bäşinjiligi howp astyna saldy. Çünki tapgyrda «Energetikden» 1:0 hasabynda üstün çykan «Köpetdag» «Aşgabat» bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy.


Bu bolsa möwsümiň ahyrky tapgyrlarynda üçünji we bäşinji orun göreşiň has ýiti boljakdygyny görkezýär.