Aşgabadyň «Köpetdag» futbol topary ýaryş tertibindäki goňşusy «Energetigi» minimal hasapda ýeňip, bäşinji orna ýakynlaşdy. Çempionatyň 25-nji tapgyrynyň çägindäki duşuşyk Aşgabat şäherinde geçirilip, ol mundan birnäçe minut ozal «Köpetdagyň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
«Janköýeriň» onlaýn tablosynda görkezilýän maglumata görä, duşuşykda ýeňiji toparyň gollaryny 28-nji we 69-njy minutlarda Şamämmet Hydyrow geçirdi. «Energetik» bolsa bu gollara 94-nji minutda Guwanç Berdimyradow bilen bir gezek jogap berip bildi. Bu ýeňiş altynjy basgançakdaky «Köpetdagyň» utugyny 28-e çykardy. Edil «Köpetdag» ýaly 23 duşuşyk geçiren, ýöne 17 utuk toplap bilen «Energetik» ýedinji orunda galdy.
Tapgyrda «Arkadag» toparynyň hem «Ahaly» 2:1 hasabynda utandygyny ýatladýarys.