Soňky habarlar

Arhiw

2023-nji ýylyň iň gowy wideooýunlary saýlandy

10:5609.12.2023
0
23478
2023-nji ýylyň iň gowy wideooýunlary saýlandy
Surat: gazeta.ru

8-nji dekabrda Los-Anjeles şäherinde «The Game Awards 2023» baýragynyň gowşurylyşy boldy, eminler topary ýylyň esasy wideooýny hökmünde Belgiýanyň «Larian» studiýasynyň nusgawy RPG žanryndaky «Baldur's Gate 3» oýnuny saýlady.

Bu barada DTF neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

«Baldur's Gate 3» oýny şeýle-de «Toparyň iň oňat goldawy», «Iň oňat RPG», «Iň oňat multipleýer», «Iň oňat aktýorlyk oýny» we «Oýunçylaryň sesi» ugurlary boýunça heýkeljiklere mynasyp boldy.

Beýleki ugurlarda ýeňijiler şu wideooýunlar boldy:

«Iň oňat başdan geçirmeler ekşeni» – The Legend of Zelda: Tears of The Kingdom, «Iň oňat ekşen» – Armored Core VI: Fires of Rubicon, «Iň oňat maşgala oýny» – Super Mario Bros. Wonder, «Iň oňat simulýator ýa-da strategiýa» – Pikmin 4, «Iň oňat sport ýa-da ýaryş oýny» – Forza Motorsport, «Iň oňat mobil oýun» – Honkai: Star Rail, «Iň oňat VR/AR-oýun» – Resident Evil Village VR Mode we «Iň garaşylýan oýun» – Final Fantasy VII Rebirth.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň