Şu gün, 8-nji dekabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda «Ahal» topary «Merw» bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk 4:0 hasabynda “Ahalyň” peýdasyna tamamlandy.
Gazanan bu ýeňşinden soň 29 utuk toplan «Ahal» topary ýaryş tertibinde bäşinji orny eýeleýär. 13 utugy bolan «Merw» soňky, 9-njy orunda ornaşdy.
«Ahal» – «Merw» – 4:0
Gollar: 17 Şöhrat Söýünow, 41 Gurbanmuhammet Esenow, 79 Gurban Annaýew, 90+2 Alibek Abdyrahmanow.
Çempionatyň tablisasy:
| T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
| 1. | «Arkadag» | 21 | 21 | 0 | 0 | 74-15 | 63 |
| 2. | «Altyn Asyr» | 20 | 15 | 2 | 3 | 51-19 | 47 |
| 3. | «Nebitçi» | 21 | 10 | 4 | 7 | 33-29 | 34 |
| 4. | «Aşgabat» | 23 | 9 | 3 | 11 | 33-47 | 30 |
| 5. | «Ahal» | 19 | 9 | 2 | 8 | 32-26 | 29 |
| 6. | «Köpetdag» | 21 | 7 | 4 | 10 | 28-42 | 25 |
| 7. | «Energetik» | 22 | 5 | 2 | 15 | 15-42 | 17 |
| 8. | «Şagadam» | 21 | 3 | 5 | 13 | 14-34 | 14 |
| 9. | «Merw» | 22 | 3 | 4 | 15 | 16-42 | 13 |
