Düýn Ýokary liganyň 27-nji tapgyrynyň çäginde geçirilen «Aşgabat» ― «Arkadag» duşuşygynda (1:4) iki gezek tapawutlanan myhman toparyň oýunçysy Şanazar Tirkişow çempionatdaky gollarynyň sanyny 20-den geçirdi.
Şanazaryň duşuşygyň 63-nji minudynda geçiren ilkinji goly onuň Ýokary ligadaky 20-nji goly hökmünde bellige alyndy. Şeýlelikde, ol çempionatda 2013-nji ýyldan bäri 20 gol geçiren 65-nji futbolçy boldy.
Ýaş futbolçy 21 goluň 5-sini «Ahalyň», 9-syny «Merwiň», 7-sini bolsa «Arkadag» futbol toparynyň düzüminde geçirdi.
Şanazar Tirkişow Türkmenistanyň ýaşlar we milli ýygyndylarynyň hem hüjümçisidir.