Turkmenportal logo
06.12.23
2749627496
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýanyňda göterilýän enjamlaryň satuwy 2,6 göterim artdy
Ýanyňda göterilýän enjamlaryň satuwy 2,6 göterim artdy

Göterilýän elektron enjamlaryň dünýä söwdasy 2023-nji ýylyň üçünji çärýeginde 2,6 göterim artyp, 148,4 million birlige deň boldy. Bu barada «International Data Corporation (IDC)» seljeriş kompaniýasynyň hasabatynda habar berilýär diýip, «Interfax.ru» ýazýar.


Ösüşe has az tanalýan brendleriň önümleriniň satuwlarynyň ýokarlanmagy we harytlaryň täze görnüşleriniň satuwa çykmagy täsir etdi.


Ählumumy bazarda öňdäki bäşlik üýtgewsizligine galýar, olar: Apple Inc., Samsung, Xiaomi, Huawei we Imagine Marketing kompaniýalarydyr.