Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň wekiliýeti Dubaýda okuw saparynda bolýar

17:1604.12.2023
0
59921

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikatlaşdyryş bölüminiň işgärleri hünärlerini kämilleşdirmek maksady bilen «Programma üpjünçiliginiň goragy» boýunça okuw sapaklaryny geçmek üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän «EDOXI TRAINING INSTITUTE» okuw merkezinde saparda bolýarlar. Okuw sapary Malaýziýanyň «Serba dinamik Sdn.Bhd» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy bilen baglaşylan şertnama esasynda guralýar.

Okuw saparynyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzlalary Dubaý şäherinde ýerleşýän «Microsoft» we «Google» kompaniýalarynyň iş ýerlerine hem baryp görerler. Ol ýerde türkmen hünärmenleri dünýä belli abraýly kompaniýalaryň programma üpjünçiliginiň goragy babatda ýeten derejesi bilen ýakyndan tanşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň