Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady

11:4802.12.2023
0
33293

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana, şeýle hem ýurduň halkyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany açyklyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň uzak möhletleýin hem-de köpugurly häsiýete eýedigini nygtap, özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna, doganlyk halklaryň bähbidine täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, BAE-niň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň