Turkmenportal logo
02.12.23
2971029710
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ugandada 70 ýaşly zenan ekiz çaga dogurdy
Surat: today.com

Ugandanyň 70 ýaşly ýaşaýjysy EKO (ekstrakorporal hamylalyk) usuly arkaly ekiz çagany dünýä inderdi. Ol Afrikada şeýle ýol bilen ene bolan iň uly ýaşly zenandyr diýip, BBC teleýaýlymyna salgylanýan «Kazinform» habar berdi.


Safina Namukwaýa ekiz çaga – oglan we gyz bäbek dogurdy diýip, Ugandanyň paýtagty Kampaledäki Halkara aýallar hassahanasy habar berdi.


Safina Namukwaýa NTV teleýaýlymyna çagalary ösdürip ýetişdirmegiň kyn düşjekdigini, emma özüni bagtly duýýandygyny gürrüň berdi.