Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýat gümrükhanasynda pudagara okuw maslahaty geçirildi

13:4201.12.2023
0
20697
Daşoguz welaýat gümrükhanasynda pudagara okuw maslahaty geçirildi
Surat: customs.gov.tm

Daşoguz welaýat gümrükhanasynda gümrük syýasatynyň daşary söwda ýetirýän täsirine bagyşlanan pudagara okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahaty «Döwrebap gümrük syýasaty – kuwwatly daşary söwdanyň kepili» diýlip atlandyryldy.

Çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň we Döwlet weterinariýa gullugynyň hünärmenleri, «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň işgärleri, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň agzalary we başga-da birnäçe ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri hem-de hususy telekeçiler gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat gullugy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, okuw maslahatynda taýýar milli önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Döwlet gümrük gullugy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler dogrusynda giňişleýin bellenildi. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmek babatda hem täsirli gürrüňler edildi.

Şunuň bilen baglylykda, hususy telekeçiler tarapyndan öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara eksport edilmeginde ileri tutma we ýeňillikli şertler, şeýle hem gümrük kanunçylygynda bellenilen kadalar hakynda söhbet edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň