ABŞ-nyň öňki Baş sekretary Genri Kissinjer 100 ýaşynda özüniň Konnektikutdaky öýünde aradan çykdy. Bu barada «Kissinger Associates konsalting» firmasyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.
Kissinjer Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet departamentine 1973-1977-nji ýyllarda ýolbaşçylyk etdi, 1969-1974-nji ýyllarda milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi wezipesini eýeledi. Prezident Riçard Niksonyň döwründe (1969-1974 ýý.) ABŞ bilen Hytaýyň ýakynlaşmagynda uly hyzmaty bitirdi.
Kissinjeriň maslahatlaryna Eýzenhauer, Kennedi, Jonson, Nikson we Tramp ýaly Prezidentler hormat goýýardylar. 1970-nji ýyllarda ol onýyllygyň dünýäni özgerdiji ählumumy wakalaryna täsir etdi diýip, «Reuters» ýazýar.
Ol (doly ady Genri Alfres Kissenjer, doglandaky ady Haýns Alfred Kissinger) 1923-nji ýylda Germaniýanyň Bawariýadaky Fýurt şäherinde ýewreý maşgalasynda dünýä indi.
Kakasy mekdep mugallymy, ejesi öý hojalykçydy, 1938-nji ýylda olar ABŞ-a göçdüler.
Özüniň galyň äýnegi we güýçli nemes sözleýiş äheňi bilen tanalan Kissinjeri «diplomatiýanyň grossmeýsteri» diýip atlandyrýardylar.