Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň Baş maliýe meýilnamasynyň — Döwlet býujetiniň serişdelerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda, hususan-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda tassyklanylan 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge, onda göz öňünde tutulan çykdajylary rejeli özleşdirmäge we girdejileri ýokarlandyrmaga gönükdirilen teklipler barada aýdyldy.
Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Bellenilişi ýaly, bu ugurda Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu girdejileri mundan beýläk-de artdyrmak we býujet borçnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, hödürlenen resminama gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
