Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli birnäçe syýasy we sport çäreleri guralar

02:2901.12.2023
0
23235

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýurtda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forum, «Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň» duşuşygy, Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 75 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanylan «tegelek stoluň» başyndaky maslahat bar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guramak göz öňünde tutulýar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bu çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň alyp barýan bitaraplyk daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutany ýakyn günlerde uly baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň dabaraly bellenip geçiljekdigine ünsi çekip, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa bu baýram mynasybetli geçiriljek çäreleri ýokary derejede guramak üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň