Turkmenportal logo
29.11.2023
1497214972
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanda kitaphana işini halkara derejede ösdürmek ara alnyp maslahatlaşyldy
Surat: ru.freepik.com

Duşanbe şäheriniň Milli kitaphanasynda dürli ýurtlaryň diplomatik toparlarynyň gatnaşmagynda kitaphana işiniň halkara ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «MIR 24» habar berýär.


«Tegelek stoluň başynda» geçen maslahata Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň we Günorta Koreýanyň wekilleri gatnaşdylar.


Maslahata gatnaşyjylar ýurtlaryň arasynda kitap alyşmagy, Täjigistanyň kitaphanasynda geçýän duşuşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Diňe soňky 10 ýylda daşary gatnaşyklary berkitmek üçin dünýäniň 14 kitaphanasy bilen ylalaşyklaryň 21-si baglaşyldy.


Täjigistanyň Milli kitaphanasynda dünýäde täjik hem-de pars dillerindäki golýazmalaryň we metbeçilik işleriniň iň uly toplumy saklanýar.