Turkmenportal logo
28.11.23
2137421374
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kuraş – 2023: ýedi finalyň altysynda türkmen pälwanlary göreşer
Kuraş – 2023: ýedi finalyň altysynda türkmen pälwanlary göreşer

Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysynyň agzalary Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatynyň ikinji günündäki ýedi agram derejesiniň altysy boýunça finala çykdylar. Munuň özi dünýä çempionatlarynyň taryhynda iňňän ýokary netijedir.


Has takygy, zenanlaryň arasynda


78 kilograma çenli agram derejesinde Sabina Kadyrowa;


87 kilograma çenli agram derejesinde Jahan Muhammedow;


87 kilogramdan ýokary agram derejesinde Sabina Agajanowa;


Erkekleriň arasynda


60 kilograma çenli agram derejesinde Wepa Awliýakulyýew;


73 kilograma çenli agram derejesinde Şatlyk Jumanyýazow;


81 kilograma çenli agram derejesinde Daýanç Omirow finala çykdy.