Turkmenportal logo
28.11.23
1775017750
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kuraş – 2023: Jahan Muhammedowa altyn medal üçin göreşer
Kuraş – 2023: Jahan Muhammedowa altyn medal üçin göreşer

Türkmenabat şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Jahan Muhammedowa Aşgabatda dowam edýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynda finala çykan nobatdaky türkmen türgeni boldy.


Ol 87 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýär. Ýaryşa ýarymfinaldan goşulan saýatly tälimçi ilkinji tuluşygynda gazagystanly Moldir Nurlanbegi ýeňdi.


Jahan Muhammedowa geçen ýyl Hindistanda geçirilen dünýä çempionatynda hem medala mynasyp bolupdy. Ezber türgen bu ýyl altyn medal üçin göreşer.