Turkmenportal logo
28.11.23
1429114291
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi
Surat: trend.az

Ozal habar berşimiz ýaly, 27-28-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýolbaşçylyk etdi. Bu barada «Trend» habar berdi.


Mejlisiň dowamynda ykdysady gyzyklanmalary öňe sürmek baradaky başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, dürli ugurlarda, hususan-da, senagat, söwda, kiçi we orta telekeçilik, energetika, ulag-logistika, oba hojalygy ýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi boýunça pikir alşyldy.


«Mundan başga-da, türkmen tebigy gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen dünýä bazarlaryna eksport etmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy» diýlip, habarda bellenilýär.


Mundan ozal, türkmen-azerbaýjan işewürler forumynyň çäklerinde azerbaýjan kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň hem birnäçesiniň geçirilmegine, olarda degişli resminamalara gol çekilmegine garaşylýandygyny habar beripdik.