Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda, şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Atdaýew bu halkara çärä taýýarlyk görlüşi barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, mejlise, esasan, nebitgaz pudagynda, dokma senagatynda, oba hojalyk we azyk önümçiliginde, gurluşykda we gurluşyk harytlarynyň önümçiliginde, derman senagatynda, şeýle hem ulag-logistika, maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda we beýleki ugurlarda işleýän kompaniýalar gatnaşarlar.
Forumyň çäklerinde azerbaýjan kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň hem birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Forumyň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-azerbaýjan işewürler maslahatyna gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.
— Maslahatyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga möhüm ähmiýet berilmelidir — diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýer B.Atdaýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.