Soňky habarlar

Arhiw

Kuraş – 2023: türkmenistanly türgenleriň ählisi ýarymfinala çykdy

16:4228.11.2023
0
14660

Aşgabatda dowam edýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynda türkmen ýygyndysyndan Daýanç Omirow bilen Sabina Agajanowa hem ýarymfinala çykdylar.

Erkekleriň arasynda 81 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşýan Daýanç Omirow çärýekfinalda koreýaly Çansik Wuny ýeňdi. Şeýlelikde, Kerki etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy çempionatda azyndan bürünç medal gazanmak mümkinçiligini kepillendirdi.

Dänew etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde tälimçi bolup işleýän Sabina Agajanowa bolsa Günorta Afrika Respublikasyna wekilçilik edýän türgen Suandri Groenewaldy ýaryşdan çykardy.

Şeýlelikde, dünýä çempionatynyň ikinji gününde-de türkmenistanly türgenleriň ählisiniň ýarymfinala çykandygyny ýatladýarys. 87 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşýan Jahan Muhammedowa ýaryşa ýarymfinaldan başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň