Turkmenportal logo
28.11.23
1639816398
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kuraş – 2023: türkmen ýygyndysynyň iň kiçi ýaşly agzasy çempionata ýeňiş bilen girişdi

Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysynyň iň kiçi ýaşly agzasy, Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sabina Kadyrowa Aşgabatda geçirilýän kuraş boýunça dünýä çempionatyna üstünlik bilen başlady.



78 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Sabina ýaryşa 1/8 finaldan başlady. Ol ilkinji tutluşygynda meksikaly Andrea Gilleni arassa ýeňiş bilen utdy. Sabinanyň çärýek finaldaky garşydaşy hindistanly Şetal Şetal bolar.


Sabina Kadyrowa dünýä çempionatynda şu gün ýaryş düşekçesine çykan ilkinji türkmenistanly zenan türgendir. Şu gün zenanlaryň arasyndaky ýaryşalara Jahan Muhammedowa we Sabina Agajanowa hem gatnaşar.