Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Hisense» dükanlarynda Täze ýyl mynasybetli utuşly oýun geçiriler

11:0227.11.2023
0
35288

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Hisense» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekiliniň dükanlarynda sowgatlaryň utuşly oýny geçiriler.

Aksiýa gatnaşmak üçin 10 müň manat möçberde «Hisense» hojalyk tehnikalaryny satyn almaly we kassadan kupon almaly. Sowgatlaryň hatarynda: telewizorlar, mikrotolkunly peçlerler, sowadyjylar, kofe maşynlary, et üweýjiler, blenderler we başga-da köp sanly utuşlar bar.

Utuşly oýun 24-nji dekabrda guralar.

Mundan başga-da, dükanda «Hisense» kompaniýasynyň ähli önümlerine 20%-e çenli arzanladyş hereket edýär.

«Utuşly oýna gatnaşmak – Täze ýylda özüňizi ýa-da ýakynlaryňyzy begendirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir!» diýip, dükanyň menejeri belledi.

«Hisense» kompaniýasy dünýädäki iň iri hojalyk tehnikalaryny hem-de elektronika enjamlaryny öndürijileriň biridir we müşderilerine telewizorlaryň, sowadyjylaryň, kir ýuwýan we gap-gaç ýuwýan maşynlaryň, kondisionerleriň, mikrotolkunly peçleriň, tozan sorujylaryň we beýleki enjamlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

«Hisense» kompaniýasynyň ähli önümleriniň bir ýyl kepillik bilen üpjün edilýändigini we iki ýyllyk möhlet bilen tehniki taýdan hyzmat etmek mümkinçiliginiň berilýändigini bellemek gerek. Aşgabadyň çäklerinde eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

Aşakdaky salgylarda Aşgabatdaky «Hisense» dükanlaryna baryp we utuşly oýun barada anyk maglumatlar bilen tanşyp bilersiňiz:

  • «Berkarar» SDAM, 1-nji gat, dükan № B11a. Telefonlar: (+993 61) 719933, (+99312) 468166;
  • «Bereketli» bazary, 2-nji gat, dükan № 190. Telefon (+993 63) 149933.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň