Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň 100-si belli edildi

10:4923.11.2023
0
19146
Dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň 100-si belli edildi
Surat: gazeta.ru

«Apple» ýene-de dünýäniň iň gymmat kompaniýasy diýlip yglan edildi. «Interbrand Corp.» konsalting kompaniýasynyň barlaglarynyň netijesinde onuň brendi 502,6 milliard dollar bahalandy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Apple» eýýäm on bir ýyldyr, sanawda ilkinjiligi saklap gelýär. Ikinji orunda 316,6 mlrd dollar bahasy bilen «Microsoft», ondan soňra «Amazon» (276,9 mlrd) we «Google» (260,2 mlrd) gelýär. Ilkinji bäşligi, geçen ýyldaky ýaly, 91,4 mlrd dollar bahalandyrma bilen günorta koreý «Samsung» kompaniýasy jemledi.

«Toyota» altynjy orunda (64,5 mlrd dollar) orun aldy, ondan soňra «Mercedes-Benz» (61,4 mlrd), «Coca-Cola» (58 mlrd), «Nike» (53,7 mlrd) we «BMW» (51,1 mlrd) ýerleşdiler.

«Interbrand Corp.» kompaniýasynyň seljerijileriniň sözlerine görä, dünýäniň iň gymmat brendleriniň umumy bahasy geçen ýyldakydan 5,7 göterim artypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň