Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awstriýada Mosartyň öýi satuwa çykarylýar

10:0022.11.2023
0
17789
Awstriýada Mosartyň öýi satuwa çykarylýar
Surat: moscowchanges.ru

Nusgawy kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň (1756–1791) soňky ýaşan öýi «Sotheby's» söwdalaşyk öýi tarapyndan satuwa çykarylýar. Bu barada «New York Post» gazetine salgylanýan «Izwestiýa» habar berdi.

Gürrüň Awstriýanyň Zemmering şäheriniň etegindäki Stuppah taryhy gala barada barýar. 1130-njy ýylda gurlan bu dört gatly binada 50 sany otag bar.

Hut şu mülk ýerinde-de Mosart özüniň «Ýas mukamy» atly iň ahyrky saz eserini ýazypdyr.

Häzir öý hususy eýelere degişli, ol öň 13,1 million dollar bahalanyp, satuwa çykarylypdyr. Öýi satyn almak üçin ýüztutmalar 1-nji dekabrdan kabul edilip başlanar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň