Soňky habarlar

Arhiw

«Çapar» — siziň ygtybarly we amatly kömekçiňiz

12:3221.11.2023
0
24659

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň köp mümkinçilikli «Çapar» mobil goşundysy — wagtyň gymmatyny bilýän islendik adam üçin iň amatly gurallaryň biri.

Ol diňe bir dürli poçta hyzmatlaryny amala aşyrmaga, «Türkmenpoçtanyň» çaparyny çagyrmaga we gerekli bolan maglumatlary almaga ýardam etmän, eýsem dürli hili hyzmatlar üçin tölegleri, ýol hereketiniň düzgün bozulmalary üçin jerimeleri tölemäge mümkinçilik berýär.

«Çapar» goşundysynyň tapawutly taraplarynyň hatarynda — ykjam telefonyň we öý telefonunyň, internetiň, IPTV hyzmatynyň, «Älem TV» kartynyň, «Belet Film» onlaýn kinoteatrynyň hasabyny doldurmak, Aydym.com aýdym-saz portalyna ýazylmak ýaly mümkinçilikler bar.

Mobil goşundyda ähli amallar ulanyjynyň maglumatlarynyň gizlinligini we howpsuzlygyny kepillendirýän ygtybarly birikme arkaly amala aşyrylýar.

Programma yzygiderli kämilleşdirilip, oňa ulanyjylara öýlerinden ýa-da ofislerinden çykmazdan, öý hojalygynyň we beýleki meseleleriň giň toplumyny çözmäge ýardam edýän täze funksiýalar goşulýar.

«Çapar» mobil goşundysynyň ýükläp almak üçin «Google Play» hem-de «App Store» internet dükanlarynda elýeterlidigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň