Türkmenistanly türgen Gaýgysyz Töräýew Meksikada geçirilýän agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda iki görnüşiň jemi boýunça 335 kilogram netije bilen kümüş medala mynasyp boldy.
Töräýew ştangany itekläp götermekde 151 kilogram görkeziji bilen kiçi kümüş medala, silterläp götermekde bolsa 184 kilogam netije bilen kiçi kümüş medala eýe çykdy.
Gaýgysyz Töräýewiň çykyş eden 81 kilograma çenli agram derejesinde 18 türgen özara güýç synanyşyp, iki görnüşiň jemi boýunça türkmen türgeninden bary-ýogy 1 kilogram öňe geçen gazagystanly Ýedige Ýemberdi (336 kg; 145 + 191) birinji orny eýeledi. Üçünji orun bolsa gruziýaly Saba Asanidzä (333; 149 + 184) nesip etdi.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde dünýä birinjiligine alty türgen gatnaşýar. Mundan ozal erkekleriň arasynda 67 kilograma çenli agram derejede Perhat Bagtyýarow (9-njy orun) we zenanlaryň arasynda 64 kilograma çenli agram derejede Gülälek Kakamyradowa (18-nji orun) öz çykyşyny tamamlady.
Meksikanyň Gwadalahara şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionaty 23-nji noýabrda tamamlanar. Ýaryşyň dowamynda türkmen türgenlerinden ýene-de Anamjan Rustamowa (81 kg çenli), Resul Rejepow (89 kg çenli) hem-de Şahzadbek Mätýakubow (96 kg çenli) dagy çykyş ederler.