Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy

11:4317.11.2023
1
25421

Şu gün ir bilen Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisiniň dabaraly açylyşy boldy. Bu ýere ýygnananlar, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny diňlediler.

Giň gerimli sergide Eýran Yslam Respublikasynyň 100-e golaý kompaniýasynyň önümleri we hyzmatlary barada umumy maglumatlar berilýär.

Turkmenportalyň habarçysynyň habar bermegine görä, sergä Eýranyň nebit we gaz, gurluşyk we ulag ulgamlary, awtoulag öndürmek senagaty, gämi gurluşygy ýaly pudaklary boýunça iri önüm öndürijileri öz pawilýonlary bilen gatnaşýarlar.

Sergide Eýranyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklaryndan biri bolan awtoulag önümçilik pudagyna bu ýurduň öňdebaryjy awtoulag öndürijisi «Iran Hodro Industrial» (IKCO) wekilçilik edýär.

Sergä aýlanyp görýänler bu ýerde Eýranyň ýolagçy awtoulaglaryny synlap, olarda ýolagçylar üçin döredilen mümkinçilikler bilen ýakyndan tanşyp bilýärler.

Häzirki wagtda «Iran Hodro Industrial» (IKCO) diňe bir Eýranda däl, eýsem Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada iň iri awtoulag öndüriji kompaniýadyr.

Kompaniýa her ýyl 1 milliondan gowrak ulagy: ýeňil awtoulaglary, awtobuslary, ýük awtoulaglaryny, pikaplary öndürip, dünýäde 13-nji ýerde durýar.

Şeýle hem sergide Eýranyň halk senetçilik önümlerini görkezýän pawiliýonlar bar.

Sergide Eýranyň iki ýüzden gowrak meşhur senetçilik önümleri: misden we keramikadan ýasalan gap-gaçlar, el bilen boýalan matalar (kalýamkari), haly dokamak, aýna ýasamak üçin ulanylýan gurallar we beýlekiler görkezilýär. Eýranda Milli senetçilik güni aýratyn baýramçylyk hökmünde bellenilýär.

Ertir serginiň çäginde Türkmen-eýran işewürlik forumy geçiriler. Onuň dowamynda Eýran kompaniýalary bilen Türkmenistanyň kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak boýunça birnäçe işewürlik gepleşikleri-de geçiriler.

Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisiniň şu gün we ertir sagat 18:00-a çenli, 19-njy noýabrda — jemleýji gününde bolsa 15:00-a çenli dowam etjekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň