Top.Mail.Ru

Aşgabatda Kölegeler teatrynyň döredijilik topary çykyş etdi

11:2216.11.2023
0
17238
Aşgabatda Kölegeler teatrynyň döredijilik topary çykyş etdi
Surat: medeniyet.gov.tm

Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkiýe Respublikasynyň Kölegeler teatrynyň döredijilik topary Türkmenistanda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň çäklerinde «Garagöz we Hajiwat» atly oýny bilen çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Uýsal Güýç Filiziň režissýorlyk etmeginde taýýarlanan «Garagöz we Hajiwat» iki bölümli, bir perdeli kölege oýny bolup, ol Osmanlylar döwründen bäri tutuş Anadolyda meşhurdyr. Bu kölege oýny Gresiýada «Karagiozis», Bosniýa we Gersegowinada bolsa «Karagöz» ady bilen mälimdir.

Ozal habar berşimiz ýaly, häzir wagtda festiwala gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan dürli sahna eserleriniň görkezilişi dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň