Top.Mail.Ru

Azerbaýjan Türkmenistandan tebigy gazyň satyn alnyşyny 2,1 esse artdyrdy

09:3216.11.2023
0
16224
Azerbaýjan Türkmenistandan tebigy gazyň satyn alnyşyny 2,1 esse artdyrdy
Surat: neftegaz.ru

Azerbaýjan Türkmenistandan tebigy gazyň satyn alnyşyny, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 2,1 esse artdyrdy. Bu barada «abc.az» habarlar portaly habar berdi.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň ilkinji üç çärýeginde Azerbaýjan Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 182,8 million dollara 1 milliard 281,16 million kub metr tebigy gaz satyn aldy.

Azerbaýjan 2021-nji ýylyň dekabryndaky şertnama laýyklykda Eýranyň üsti bilen «swop» usulynda gaz satyn almak üçin Türkmenistan bilen ylalaşdy.

2022-nji ýylyň degişli döwründe Türkmenistandan 614,15 million kub metr (76,86 million dollar) tebigy gaz import edilipdi diýip, çeşme Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanýar.

2022-nji ýylda Türkmenistandan her 1000 kub metr tebigy gazyň ortaça bahasy 125 bolan bolsa, şu ýyl bu görkeziji 143-e ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň