Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maýkl Jeksonyň keltekçesi 306 müň dollara satyldy

14:4313.11.2023
0
33526
Maýkl Jeksonyň keltekçesi 306 müň dollara satyldy
Surat: spotern.com

Aýdymçy Maýkl Jeksonyň 1984-nji ýylda «Pepsi» içgisiniň mahabatynda geýnen gara-ak keltekçesi (kurtkasy) Londonda geçen «Propstore» söwda-satyg auksionynda 306 müň dollara satyldy diýip, BBC News habarlar gullugyna salgylanýan «News.ru» ýazýar.

Söwdalaşyklara şeýle-de 200-den gowrak ýadygärlik zatlar çykaryldy. Auksionda britan aýdymçysy Jorj Maýklyň «La Rocka» keltekçesi 115 müň dollara satyldy. Aýdymçy ony geýnip, «I Knew You Were Waiting (For Me)» aýdymynyň şekilli görnüşinde surata düşüpdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň