Soňky habarlar

Arhiw

Naýbaşy futzal ligasy: «Deňizçi» birinji orna geçdi

19:0610.11.2023
0
29214

10-njy noýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 16-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, tapgyryň esasy duşuşygynda turnir tablisasynyň öňbaşçylary «Köpetdag» bilen «Deňizçi» toparlary duşuşdylar. Ikitaraplaýyn hüjümleriň astynda geçen duşuşykda 3:2 hasabynda ýeňiş gazanan «Deňizçi» topary utuklaryyň sanyny 40-a ýetirip, turnir tablisasynyň birinji basgançagyna geçmegi başardy. «Köpetdag» bolsa 38 utuk bilen ikinji orna düşdi.

16-njy tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Migrasiýa» «Senagatbank» toparyny ýeňlişe sezewar eden bolsa (2:1), «Turan» bilen TNGIZT toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 17-nji tapgyrynyň duşuşyklary 12-nji noýabrda geçiriler.

16-njy tapgyryň netijeleri:

  • «Migrasiýa» – «Senagatbank» – 2:1
  • «Turan» – TNGIZT – 1:1
  • «Deňizçi» – «Köpetdag» – 3:2
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň