Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

10:3509.11.2023
0
24378

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitine gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde saparda bolýar.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy boldy.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynyň habar berşi ýaly, ikiçäk görnüşde geçen duşuşygyň barşynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda bilelikdäki hökümetara toparyň işi, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli esasda geçirilýän geňeşmeler, işewürlik duşuşyklary we dürli forumlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýär.

Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, oba hojalygy, senagat kooperasiýasy ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki işi dowam etdirmegiň maksat edinilýändigi tassyklanyldy. Suw hojalygy we daşky gurşawy goramak, serhetýaka welaýatlaryň arasynda söwda gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine-de aýratyn üns çekildi.

Döwlet Baştutanlary söhbetdeşlikde taraplaryň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyny, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini maksat edinýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan hem-de Özbegistan ikitaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklaryny işjeň ösdürýärler, iri halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň