«Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky topardaşy, ýaryşyň pleý-off tapgyryna ilkinji bolup çykmagy başaran Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Aýny» baş tälimçisi Alfred Şrýoder bilen hoşlaşylandygyny habar berdi.
Bu täsin habar futbol jemgyýetçiliginde haýran galma bilen kabul edildi. Dek düýnüň özünde myhmançylykda Saud Arabystanynyň «Al-Feýhasyny» 3:2 hasabynda ýeňip, ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykmagy başaran toparyň baş tälimçisi bu gün işden gitmek isleýändigini mälim etdi we onuň bu islegi kanagatlandyryldy.
51 ýaşly niderlandly hünärmen «Al-Aýn» bilen BAE-niň Premýer-ligasynyň yzda galan 7 tapgyryndan soňra üçünji orny eýeleýär.
Alfred Şrýoderiň «Barselonada» Ronald Kumanyň, «Aýaksda» bolsa Erik ten Hagyň kömekçisi bolup işländigini ýatladýarys.