Top.Mail.Ru

«Nike» bäsdeşlerini ogurlykda aýyplady

13:5908.11.2023
0
19415
«Nike» bäsdeşlerini ogurlykda aýyplady
Surat: sneakernews.com

«Nike» amerikan kompaniýasy «New Balance» we «Skechers» kompaniýalaryny öz sport aýakgaplarynyň önümçiliginiň güwänamalaşdyrylan tehnologiýasyny ulanmakda aýyplap, Massaçusets ştatynyň kazyýetine ýüz tutdy. Bu barada «Reuters» habarlar gullugyna salgylanýan «News.ru» ýazýar.

Talap arzasynda ady tutulan kompaniýalaryň käbir krossowkalarynyň «Nike» kompaniýasyna degişli «Flyknit» usulyny peýdalanmak arkaly ýasalandygy görkezilýär.

Güwänamalaşdyrylan tehnologiýanyň kömegi bilen berk inçe sapaklaryndan sport aýakgaplarynyň ýokary tikin bölegi ýasalýar, ol aýagy kadaly hereketlendirmäge hem-de howa geçirmäge, çeýeligi üpjün etmäge mümkinçilik berýär. «Nike» öz bäsdeşlerine kazyýetiň üsti bilen «Flyknit» usulyny ulanmagy gadagan etmekçi hem takyklanmadyk öweztölegini töletmekçi bolýar.

Emma «New Balance» kompaniýasynyň eýeleri aýyplama jogabynda bäsdeşiň intellektual eýeçiligine hormat goýýandyklaryny, emma bu usulyň eýýäm ençeme wagt bäri ulanylyp gelinýändigini hem-de «Nikeniň» bu tehnologiýanyň üsti bilen aýakgap önümçiligine ýeke-täk eýeçiliginiň ýokdugyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň