Soňky habarlar

Arhiw

Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy

11:0208.11.2023
0
18494
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy
Surat: ispaniya.com

2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Kanar adalaryna bikanun göçegçileriň 32 müňden gowragy bardy. Netijede, ispan adalarynda 2006-njy ýyldakydan hem köp bikanun göçegçi hasaba alyndy diýip, «Belta.by» ýazýar.

Kanar adalary Afrika yklymyna golaýdyr, şonuň üçin soňky onýyllyklarda ol Afrikadan Ýewropa aşmak isleýänler üçin özboluşly geçelge hyzmatyny ýerine ýetirýär. Göçegçiler aýratyn hem Senegaldan köp gelýär, kenarýakada Marokkodan, Gambiýadan, Mawritaniýadan we Günbatar Saharadan gelýän gaýyklar hem labyr taşlaýarlar.

Ispaniýanyň Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, 1-nji ýanwardan 5-nji noýabra çenli Kanar adalaryna 32029 adam gelipdir. Bu 2006-njy ýyldaky krizisiň 31678 adamlyk görkezijisinden hem artykdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň