Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ýubileý duşuşygyny geçirdi

10:4908.11.2023
0
16495

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary düýn AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky 10-njy duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyk toparyň AFK gurnamagyndaky ýaryşlarda (AFK-nyň kubogy bilen bilelikde) 35-nji duşuşygy boldy.

Topar Çempionlar ligasyndaky ilkinji 10 duşuşygynyň ikisinde ýeňiş gazanyp, ikisinde deňme-deň oýnady. Alty duşuşykda bolsa garşydaşlaryndan asgyn geldi. Şol duşuşyklarda garşydaş derwezelere 10 gol geçiren «Ahal» öz derwezesinde 17 gol gördi.

Yklym ýaryşlaryna 2015-nji ýyldan bäri gatnaşyp gelýän topar 35 duşuşygyň 15-sinde ýeňiş gazanyp, 14-sinde ýeňildi. 6 duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy. «Ahal» yklym ýaryşlarynda garşydaş derwezelere 47 gol geçirip, öz derwezesinde 46 gol gördi.

Elman Tagaýew «Ahalyň» AFK-nyň gurnaýan ýaryşlarynda iň kän tapawutlanan futbolçydyr. Ol yklymyň birinji we ikinji derejeli ýaryşynda jemi 7 gol geçirdi. Sanawyň ikinji ornunda 5 golly Süleýman Muhadow, üçünji ornunda bolsa her biri 4 goldan geçiren Gurban Annaýew, Myrat Annaýew we Arslanmyrat Amanow bar.

Düýn «Pahtakor» bilen bolan duşuşykda tapawutlanan Alibek Abdyrahmanow «Ahalyň» düzüminde halkara ýaryşlardaky ilkinji goluny geçirdi. Ol «Ahal» bilen bu ýaryşlarda tapawutlanan 22-nji futbolçy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň